Informatika sapagyny täsirli okatmak
Häzirki döwürde sanly ulgam örän ýokary tizlik bilen ösdürilýär. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy kompýuterler bilen baglanyşyklydyr. Durmuşymyzda sanly ulgam, esasan hem, kompýuterler bilen baglanyşykly işleri üznüksiz alyp barýarys. Şu nukdaýnazardan, okuwçylaryň kompýuter tehnologiýasyna, informatika düşünmekleri hökmany şertdir. Bilim ulgamynda hem innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Okatmagyň innowasion tehnologiýalarda guralmagy ýaşlaryň aň ösüşine, pikirleniş ukybyna uly täsir edýär. Milli bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalarynyň, sanly maglumat göterijileriň giň gerimde ulanylmagy täze usullaryň döredilmegini şertlendirdi. Uzak aralykdan bilim bermegiň mümkinçilikleri döredildi. Bu babatda okuwçylaryň hem düşünjesini baýlaşdyrmak bilen, mugallym informatika sapagyny täsirli guramalydyr. Annaguly ATABAÝEW, Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.