Okuwçylara türkmen edebiýatyny öwretmek
Häzirki döwürde milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, kämil şahsyýeti kemala getirmekde taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, mugallym üçin ýaş nesle bilim öwretmegiň usulyýeti esasynda sapagy guramak, sapaga okuwçylaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek aýratyn möhüm wezipe bolup durýar. Döredilýän giň mümkinçilikler biz — mugallymlary mukaddes kärimizde has-da tutanýerli we döredijilikli işlemäge, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň netijeli, öňdebaryjy usullaryny iş tejribämize ornaşdyrmaga, munuň üçin bolsa hemişe gözlegde bolmaga borçly edýär. Sapak mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermegiň kämil usulydyr. Şonuň üçin her bir sapaga ykjam taýýarlykly barmak, ony talabalaýyk guramak, netijeliligini gazanmak mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Gurbansoltan PIRIÝEWA, Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy.