Türkmen ulamasy Jelaleddin Rumynyň döredijiliginde dostluk taglymaty
Gündogaryň meşhur alymy, şahyr, yslam edebiýatynyň görnükli wekili Muhammet Jelaleddin Rumynyň döredijiligi dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Pähim-pelsepewi garaýyşlary, mesnewilerindäki temalaryň köpdürlüligi bilen tanalan dana şahsyýet diňe bir Gündogarda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly yz galdyrdy. Şahyr mesnewilerinde diňe bir sopuçylyk-pelsepe garaýyşly mazmunyny beýan etmek bilen çäklenmän, grekleriň, gadymy rimlileriň, ermenileriň, araplaryň we Gündogaryň beýleki halklarynyň halk döredijiligindäki rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary hem ýerlikli ulanmagy başarypdyr. Rumynyň adyny belent derejä ýetiren eserleri «Diwan-i kebir («Uly diwan») hem-de «Mesnewi» atly alty kitapdan ybarat eserleridir. Bularyň birinjisiniň «Diwan-i Şamse-i Tabrizi» («Şems Töwriziniň diwany») diýlip atlandyrylýan ýerleri-de bar. Diwan 3230 sany gazaly (35 000 setir), 44 kasydany (1700 setir), 2000 rubagyny özünde jemleýär. Güljahan ABDULLAÝEWA, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň mugallymy.