Dil biliminde frazeologizmler
Ösüşleriň gözbaşy bolan ylym-bilime ýurdumyzda uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara daşary ýurt dilini öwretmek, hususan-da, olaryň dünýä dillerini suwara bilmeklerini gazanmak üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda mekdep ýaşyna çenli edaralarda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dilleri öwretmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwlet dili hökmünde türkmen dilini, dünýä ylmyny özleşdirmekde rus, iňlis, nemes, ýapon dillerini öwrenmek asylly ýörelgeleriň biri boldy. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlar, terjimeçiler hem hünärmenler öz ýurdumyzda taýýarlanylýar. Bu bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli hünärmenler, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir. Ylmyň we tehnikanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän döwründe ylymly adamlar täze-täze açyşlary bilen haýran galdyrýar. Ylmyň ýeten belent sepgitleri bilen tanyşmak, dünýä ylmynyň gazananlaryny wagtynda özleşdirmek üçin nemes diliniň hem ähmiýeti uludyr. Çünki dil kämillige ýetirýän iň gysga ýoldur. Şonuň ýaly-da, dil halklary ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan iň ygtybarly ugurdyr. Şonuň üçin hem dil dost-doganlyk nuruny çaýýan ygtybarly ýoldur. Güljeren AKMYRADOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.