Türkmen Bitaraplygy — abadançylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň kepili
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder» diýip, adamzadyň öňünde duran meseleleri çözmekde bitaraplygyň, şol sanda türkmen Bitaraplygynyň paýhas esaslarynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny aýtdy. Bu ýerde öňe sürlen pikir häzirki döwrüň zerurlygyndan gelip çykýar. Häzirki zamanda dürli ýurtlaryň, halklaryň medeni, dini ynanç, ruhy we beýleki aýratynlyklarynyň dünýäniň ählumumylaşýan döwründe ýüze çykýan meselelere düşünişmegi kynlaşdyrýan pursatlary ýok däl. Şeýle ýagdaýda döreýän meseleler dürli halklaryň degişli ýaşaýyş aýratynlyklaryna hormat goýmak bilen bir hatarda, adamzady birleşdirýän, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýardam edýän gymmatlyklary işläp düzmek arkaly çözülip bilner. Adamzadyň taryhynda kemala gelen parahatçylygy we howpsuzlygy ykrar edýän bitaraplyk ýörelgeleri şol gymmatlyklaryň ýüze çykmasy bolýar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen Bitaraplygynyň tejribesinde ol aýdyň görünýär. Biziň Bitaraplygymyzyň paýhas esaslary iň gadymy halklaryň biri bolan türkmeniň geçen taryhy ýoly bilen kesgitlenen, halklary, medeniýetleri birleşdiriji gymmatlyklardyr. Geçen otuz ýylyň içinde bu esaslar has hem kämilleşip, uly täsirlilige eýe boldy. Nurýagdy SUWHANOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.