Gymmatly mirasyň muşdagy
Türkmeniň köpasyrlyk taryhy diňe bir öz alymlarymyzyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarydyr mirasy öwrenijileriniňem ünsüni hemişe özüne çekip gelipdir. Gadymy Merwi ylmy esasda öwrenen we ony dünýä ýaýan alymlaryň biri-de belli rus taryhçysy, arheology hem-de halkymyzyň baý mirasynyň, geçmiş durmuşynyň muşdagy Walentin Alekseýewiç Žukowskidir. Ol türkmen topragynyň ýadygärliklerini öwrenmeginiň sebäbi hakda ýatlamalaryny ýazanda, 1890-njy ýylyň baharynda Imperatoryň arheologiýa toparynyň özüne Zakaspi oblastynda arheologik barlaglary alyp barmagy tabşyrandygyny, gadymy ýurduň şöhratly eýýamlaryny öwrenmegi özüniňem hemişe maksat edinendigini, köp golýazmadyr çeşmeleri okandygyny ýaňzydýar. Dünýäniň irki ýaşaýyş ojaklarynyň biri saýylýan Merw barada taryhda juda köp alymlardyr jahankeşdeleriň gymmatly ýazgylary galdyrandygyny belleýär. «Olaryň hemmesini seljermek we doly öwrenmek bir adamyň ömrüne sygmasa gerek» diýýär. Imperatoryň arheologiýa topary oňa Zakaspidäki we Mäne, Abiwerd, Nusaý ýaly gadymy şäher ýadygärliklerine-de üns bermegi tabşyrýar. Ýöne ol esasy wezipesiniň Merwiň mirasyny we Murgabyň kenarlaryna golaý ýerlerdäki gymmatlyklary öwrenmek, olaryň ýerleşýän ýerleriniň kartasyny ýazga geçirmek hem-de fotosuratlaryny ýygnamakdygyny aýdýar. Taryhçy alym hökmünde XIX asyryň ikinji ýarymynda Russiýada we onuň çäginden daşarda tanalýan Walentin Alekseýewiç gadymy topraga gelmezinden öň, bu siwilizasiýa baradaky irki we giçki asyrlara degişli çeşmeleriň ençemesini okandygyny, Merwi özi üçin gaýtadan açandygyny belleýär. Şeýle hem türkmen topragyna ylmy sapara ugramanka, bu ülkä öň gelip gören we özüne azda-kände maglumat beren, Zakaspi oblastynyň naçalnigi bolan rus generallary A.Kuropatkine we A.Komarowa hoşallyk bildirip, olary öwgüli sözler bilen taryplaýar. Şeýle hem alym şol wagtlar türkmen topragyna syýahat eden rus syýahatçylary N.Lewaşowa, knýaz A.Bebutowa, I.Poklowskiý-Kozelle, graf M.Murawýowa, K.Zawişe, L.Çernoglazowa we A.Danilowa gymmatly maslahatlarydyr ýakyndan beren ýardamlary üçin gadymy ülkeden hoşallyk häsiýetli hat iberipdir. Agajan ATAÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.