Halkara internet ekologiýa olimpiadasy
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi. Oňa 33 döwletiň 100-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 500-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar. Halkara ders bäsleşiginde populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologik monitoring, ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri ýörite programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan utuklaryň jemi boýunça netijeler jemlendi. Oňa laýyklykda, iň ýokary netijeleri gazanan 20 talyba birinji orun berildi. Şolaryň 15-si ýurdumyzyň, 3-si Russiýanyň, galanlary hem Gazagystanyň we Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlardyr. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sähet Saryýew, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Maksatgeldi Baýatgurbanow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Nargül Seýitliýewa we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Merdan Rejepdurdyýew iň ýokary görkezijileri bilen ýeňijileriň sanawynda öňdäki orunlary eýelediler. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan».