Çagalar — Watanymyzyň geljegi
Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çagalar bu sowgatlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk bilen kabul etdiler. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň beýanydyr. Ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir. (TDH) Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.