Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär
Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigaty goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň arassalygy bagy-bossanlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, şäherleriniň, sähradyr dag etekleriniň baglyga bürenmegi tebigatyň ajaýyp gözelligidir. Güýz paslynda bag nahallaryny oturtmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Her ýylda bag nahallarynyň müňlerçesi oturdylyp, şäherdir obalarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär. Dürli görnüşli baglaryň ekilmegi, göwnejaý ideg edilmegi gözellik bilen bir hatarda, tebigat dünýäsini hem baýlaşdyrýar. Şonuň üçin arça, derek, çynar, tut we beýleki birnäçe agaçlar ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligi bolup durýar. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa adamzady gyzyklandyrýan ugurlardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli we sebit derejesinde ekologiýa maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda bag nahallary ekilýär. Süleýman JUMAGYLYJOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.