Bagy-bossan Watanymyz
Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty her birimiziň buýsanjymyzdyr. Bu ajaýyplygy goramak we bagy-bossanlyga goşant goşmak asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda her ýylda dürli saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Şonuň netijesinde Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek işleri üstünlikli dowam edýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bag ekmeklik dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagy-bossanlyga beslenmegi ugrundaky beýik başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde gözelligi bilen lezzet eçilýän saýaly, pürli we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ata Watanymyzy ýaşyl bag-bossanlyga beslemek işine uly üns berilýär. Mährijamal MOMMYÝEWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.