Başlangyç synplarda hasaplamagy öwretmek
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy biziň has-da döredijilikli zähmet çekmegimize itergi berýär. Häzirki ajaýyp döwürde okuw-terbiýeçilik işimizi has-da kämilleşdirmekde yhlasly zähmet çekýäris, ýaş nesillere bilim öwredýäris. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ojaklary döwrebap kompýuter tehnologiýalary, interaktiw tagtalar, okuw-görkezme esbaplarynyň dürli görnüşleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edildi. Biz şolardan peýdalanyp, guraýan sapaklarymyzda çagalara bilim we sowat öwredýäris. Başlangyç synplarda multimedia tagtasynyň we kompýuterleriň ähmiýeti has-da ýokary bolýar. Sapakda interaktiw tagtadan, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanylmagy okuwçylaryň okuw maglumatlaryny tiz we netijeli özleşdirmegine alyp barýar. Interaktiw tagtada görkezilýän şekilleriň reňkli bolmagy, öwrediji oýunlaryň we gyzykly ýumuşlaryň baý mazmunlylygy sapagyň täsirli bolmagyna getirýär. Suraý ORAZOWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň mugallymy.