Türkmen dilinde stilistikanyň ähmiýeti
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Häzirki döwürde bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesilleri kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Hut şonuň üçin hem bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär, bu ulgamyň mazmunynyň baýlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň dünýägaraýşyny ösdürmekde diliň we dil biliminiň hyzmaty uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, dilimiziň baýlygyny öwrenmäge bolan gyzyklanmalary has-da artýar. Şunda orta mekdeplerde okadylýan türkmen dili sapagynyň ähmiýeti uludyr. Türkmen dili sapagynda okuwçylar dürs ýazmak, sözlemleri dogry düzmek ýaly düşünjeleri öwrenýärler. 10-njy synpda okuwçylara türkmen dilinde stilistika barada giň düşünje berilýär. Maral ATAJUMAÝEWA, Sakarçäge etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.