Okuwçylaryň halkara bäsleşiginde gazanan üstünligi
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar Panama Respublikasynda robot tehnologiýasy boýunça «First Global Challenge 2025» atly halkara bäsleşiginde uly üstünlige eýe boldy. 190 döwletden zehinli ýaşlaryň gatnaşmagy halkara ýaryşa dünýä derejesinde berilýän ähmiýetiň beýanydyr. Türkmenistanyň «Oguzrobot» atly topary «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bäsleşigiň «Skills Challenge» ugrundan birinji orna mynasyp boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bäsleşigiň toparlarynyň her biriniň tehniki we intellektual başarnyklaryny görkezýän özboluşly ugrudyr. Bu ugurda ikinji orny Ermenistanyň, üçünji ýeri bolsa Hytaýyň ýaşlary eýelediler. Mährijemal GARRYÝEWA, Gökdepe etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiň mugallymy.