Bilim — röwşen geljegimiz
Bilim üstünligiň girewi, ösüşleriň binýady hasaplanylýar. Bilimli ýaşlar geljekde ösüşlere goşant goşjak kämil hünärmenlerdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyna döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Giň gözýetimli, täzeçe pikirlenip, innowasiýalara esaslanýan ykdysady üstünliklerimize goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär. Bilim ojaklarynda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işiniň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmegi ilkinji derejeli işleriň hatarynda durýar. Oguljemal MOLLAÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.