Zehinli talyplaryň taslamasy
Bagtyýar zamanamyzyň bagtly ýaşlary yhlas-başarnyklary, tutanýerli zähmeti bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Golaýda Malaýziýanyň Saýberjaýa şäherinde geçirilen ýurduň Ýaş alymlar guramasy bilen Multimedia uniwersitetiniň guramagynda Bütindünýä Durnukly ösüş maksatlary bäsleşiginde (World Sustainable Development Goals Challenge — WSDG 2025) bilim ojagymyzyň — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Baýnazar Muhammedow bilen Jeýhun Jumaşowyň taýýarlan «HeartStep: çagalaryň irki ösüşinde gepleşik ukyplaryny ösdürmek» atly taslamasynyň baş baýraga mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. 17 döwletden 2100-den gowrak taslama işi hödürlenen bäsleşikde zehinli talyplarymyzyň «Grand Prize Runnerup» baş baýragyna, altyn medala, taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp bolandygy diýseň begendirýär. «HeartStep: çagalaryň irki ösüşinde gepleşik ukyplaryny ösdürmek» atly taslama, gürlemekde kynçylyk çekýän çagalara geplemäge kömek edýän mobil goşundy görnüşinde bolup, türkmen, iňlis we rus dillerinde sözleýiş ukyplaryny ösdürýär. Annajemal AMANGYLYJOWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.