Ýaş robototehnikleriň üstünligi
Golaýda Türkmenistanyň robototehnika boýunça ýygyndysy Panama Respublikasynyň Panama şäherinde geçirilen «First Global Challenge 2025» halkara robot çempionatyna gatnaşyp, üstünlik gazandy. Dünýäniň 190 ýurdundan zehinli ýaş inženerleri jemlän bäsleşik bu ýyl ählumumy ekologik deňagramlylygy dikeltmäge we biodürlüligi goramaga gönükdirilen «Ekodeňagramlylyk» şygary bilen geçirildi. «First Global Challenge» 2017-nji ýyldan bäri guralýan halkara robototehnika bäsleşigidir. Ol STEM ulgamy boýunça ylmyň, tehnologiýanyň, inženerçiligiň we matematikanyň utgaşdyrylmagy esasynda berilýän bilimleri adamzadyň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirmek maksady bilen yzygiderli yglan edilýär. Özboluşly robot olimpiadasy ýaşlary innowasion çözgütlere ruhlandyrýar. Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».