Abadançylygyň röwşen ýoly
Türkmen halky indi otuzynjy ýylyň içidir asudalygyň hem-de agzybirligiň nyşany bolan hemişelik Bitaraplygyň bagty bilen gurýar, döredýär. Dünýä halklary bilen parahatçylyk köprüsini bina edip, ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri dowamata atarýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanşyp, degerli maslahatlaryny bermegi-de möhüm senäniň öňüsyrasynda halkymyzy ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilmegi ýylymyzyň şygary bilen birleşip, has-da dabaralanýar. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri hem ýokary depgine eýe. Baýramçylygy ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet topary bilen geçiren hojalyk iş maslahatynda hem Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäniň mynasyp geçirilmelidigini, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýratyn bellemegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Aýlar UWDIÝEWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.