Möhüm pudagyň geljegine bagyşlandy
Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde utgaşykly görnüşde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň, şeýle hem Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Belarusuň, Latwiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ugurdaş ylym-bilim merkezleriniň professor-mugallymlary we alymlary gatnaşdylar. Ýurdumyzda giňden baýram edilýän Hasyl toýy mynasybetli geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýan agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşini gazanmagyň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugurlary hakynda pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, ýokary okuw mekdebinde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylmy taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu ýerde uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.