Parahatçylyk döretmek sungatynda alymlaryň orny
Ýurtlaryň arasynda hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, bütin adamzadyň asudalygyny we abadanlygyny gorap saklamak häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy çözgüdi talap edýän möhüm wezipeleridir. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, elbetde, umumadamzat gymmatlyklarynyň — parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine, olaryň iş ýüzünde ulanylmagyna baglydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, parahatçylygy döretmek sungatynda alymlaryň ornuny ýüze çykarmak we onuň milli gözbaşlary barada söhbet etmegi makul bildik. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz parahatçylygy döretmek sungatynda ylmyň we alymlaryň orny barada «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Islendik sungat ýaly, bu sungat hem uzak wagtyň dowamynda amala aşyrylýan «taýýarlygy», okamagy, irginsiz zähmet çekmegi, möwriti geçen pikirlerden we hereketlerden daşlaşmagy, döredijilik yhlasyna hem-de höwesine ýol açmagy talap edýär» diýip, çuňňur filosofiýa ýugrulan pikirleri öňe sürýär. Adamzadyň durmuş zerurlyklaryndan gözbaş alýan parahatçylyk hakyndaky ýörelgeleriň ylmy-nazary esaslarynyň işlenip düzülmeginde alymlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Läle ALLABERDIÝEWA, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.