Mugallymçylyga bagyşlanan ömür
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň şeýle sözleri bar: «Eger-de mynasyp nesil terbiýeläp ýetişdirseň, mukaddes ojagyň ody hiç haçan öçmez!». Ilhalar ynsan we ussat mugallym Berdimuhamet aganyň bu nesihatyny berjaý eden, hormatly käriň eýesi bolan Sapar Annaberdiýew hemişe ýagşylykda ýatlanmaga mynasyp mugallymlaryň biri bolupdy. Mugallymçylyk kärinde, şol bir mekdepde ýarym asyra golaý abraý bilen zähmet çeken, köpleriň söýgüsini gazanyp, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolan mugallym Sapar Annaberdiýew hem halypa mugallymlaryň biridi. Ol 1948-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. Sapar ýaşlykdan okuwa, ylym-bilim öwrenmäge höwesekligi bilen tapawutlanýar. Ol 1968 — 1973-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa bölüminde gaýybana okaýar. 1969-njy ýylda Gyzylarbat şäherindäki häzirki 24-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Sada, kiçigöwünli, mugallymçylyga berlen adamyň bar aladasy Ýer ýüzüniň — dünýäniň geografik kartasyny ýaş nesle öwretmek bolýar. Şeýle hem mugallymyň güneşli Diýarymyz Türkmenistanyň geografik taýdan ýerleşişi, tutýan meýdany, ilaty, onuň tebigy baýlyklary barada berýän giňişleýin we çuňňur düşünjeleri okuwçylar üçin täsirli hem gymmatly maglumatlar bolup, olarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýeledi. Ösüp gelýän ýaş nesilde bu derse, geografiýa ylmyna, daş-töwerek we tebigata, topraga söýgi döretmekde Sapar mugallymyň guran döwrebap we işjeň sapaklary geljekki geografiýa mugallymlarynyň, bu ugurda ökde hünärmenleriň birnäçesini ýetişdirdi. Halypa mugallym daş-töweregimizi gurşap alan gözel tebigatymyzy gözümiziň göreji deýin goramagy, tebigy baýlyklarymyzdan ýerlikli peýdalanmagy, geografiýany has çuňňur öwrenmeklerini hemişe okadýan okuwçylaryndan talap edýärdi. Amanbike ANNABERDIÝEWA, Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.