Sapakda görkezme esbaplaryň ähmiýeti
Biologiýa sapaklarynda dilden beýan edilýän usullar bilen bilelikde, okuw-görkezme esbaplardan peýdalanyp okatmak usullarynyň uly ähmiýeti bar. Sapakda ulanylýan görkezme esbaplar, janly obýektler okuwçylaryň düşünjelerini artdyrýar. Görkezme esbaplardan peýdalanyp okatmak usullary sapakda işjeň ulanylanda, okuwçylaryň kabul etmek, pikirlenmek ukyplaryny ösdürýär. Biologiýa sapaklarynda ulanylýan görkezme esbaplar, tablisalar, çyzgylar, shemalar, okuw filmleri tebigy obýektler hasaplanylýar. Görkezme esbaply okadylýan usullara: tejribeler, tebigy obýektler, tablisalar, çyzgylar degişlidir. Biologiýa dersiniň «Ösümlikler» bölüminde «Ýapragyň suwy bugartmagy» atly temany geçenimizde, okuwçylara ýapraga daşky tebigy gurşawyň şertleriniň täsiri öwredilip, ösümlikleriň dürli görnüşleriniň, has takygy, otag ösümlikleriniň mysalynda ýapragyň ýaşaýan gurşawyna laýyklykda, suwy bugartma hadysasy düşündirilýär. Bu sapagyň dowamynda okuwçylar bilen tejribeleri geçirýäris. Şeýle hem «Fotosintez we onuň ähmiýeti» atly tema geçilende, bu çylşyrymly hadysanyň geçmegi üçin ýagtylygyň zerurlygyny subut edýän tejribeler okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär hem-de fotosinteziň bolup geçmeginde ýagtylygyň ähmiýetine düşünmeklerine ýakyndan ýardam edýär. Fotosintez hadysasynyň dowamynda ýagtylykda ýaşyl ösümlikleriň ýapraklarynda organiki maddalaryň sintezi üçin kömürturşy gazynyň zerurlygyny subut edýän tejribeleri geçirmek hem okuwçylaryň fotosintez hadysasynyň geçiş aýratynlyklaryna düşünmeklerinde uly ähmiýete eýedir.