Halk döredijilik eserlerinde milli terbiýe
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçilerimiz sapaklaryň talabalaýyk hem döwrebap guralmagy üçin öňünden oňat taýýarlyk görýärler. Çagalaryň her bir tarapdan başarnyklaryny ösdürmek üçin körpäniň nämä ukyplydygyny öwrenmek terbiýeçiniň esasy işleriniň biridir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda goşmaça bilim bermek, ýagny çeper döredijilik we ösdüriji gurnaklaryň işiniň ýola goýulmagy hem körpeleriň dürli ugurlardan zehinleriniň açylmagyna, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Çagalar baglarynda gurnaklarda körpeler öz ukybyna görä gyzyklanýan ugurlary bilen meşgullanýarlar. Çaganyň terbiýeli, oňat gylyk-häsiýetli, köpçülikde özüni edepli alyp barmak endigini ösdürmekde halk döredijilik eserlerini öwretmegiň hem ähmiýeti uludyr. Munuň üsti bilen körpeleriň pikirlenişi, sözleýşi, ýat tutup bilmek endigi hem ösýär. Sözleýşi ösdürmek, sowat öwretmek, ýönekeý matematika boýunça hasaplamalary, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynda halk döredijiliginiň görnüşlerini öwretmek mümkin. Tebigat, pasyllar, haýwanlar bilen bagly matallary, tapmaçalary ýat tutdurmak we ýumuş hökmünde çözdürmek çaga üçin has gyzykly. Matematiki sanlar, amallar boýunça hasaplamagy öwretmek bilen bagly tapmaçalary, sanawaçlary aýtdyrmak esasynda olaryň işjeňligini gazanyp bolýar. Çagalar sanawaçlary säginmän sanamak üçin birnäçe gezek gaýtalaýarlar. Sanawaçlary sanamagyň dile ýeňilligi olaryň has hem höwesini artdyrýar. Şeýle hem ýaňyltmaçlary ýalňyşman aýtmagy öwrenýän çaganyň has artykmaç taraplaryny bellemek bolar. Beýle çagalaryň sany toparlarymyzda has hem köp. Ýalňyşman we ýadaman, sabyrly bolup, ýaňyltmaçlary dürs sanamagy başaran çagalary aýratyn şekiljikler bilen tapawutlandyrmak, elbetde, olaryň sözleýiş dilini has hem kämilleşdirýär. Mysal üçin: «Mele pişigiň guýrugyna ýaşyl ýüpek çyrmaşsa-da bolar çyrmaşmasa-da bolar», «Bu üzüm turşumtylja üzüm, turşumtylja bolsa-da, süýjümtilje üzüm». Tylla ÖWEZGURDOWA, Sarahs etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň müdiri.