Edepli ile ýarar
Türkmen halkynyň terbiýe meselesinde ata-babalarynyň ýörelgelerine eýerýändigi buýsançlydyr. Maşgaladan başlanýan terbiýäniň düýp özeni maşgala agzalarynyň hem edepliliginden we salykatlylygyndan gelip çykýar. Maşgala nähili asuda bolsa, ol ýerde önüp-ösýän çagalar hem şoňa görä bolýar. Sebäbi çaga görenini eşideninden hem çalt kabul edýär. Maşgalada haýsydyr bir milli el işleriniň edilişine üns berilýän bolsa, öýdäki çagalar şol işlere gümra bolýarlar. Terbiýäniň kämil usullarynyň biri zähmet bilen utgaşdyrylmagydyr. Bu babatda çagalaryň öý işlerinde ýardam etmekleri has-da peýdaly usullaryň biridir. Esasan hem, öý işine kömek edilenden soňra, çagalara «berekella» diýilse, olaryň kömek eden işleriniň netijesiniň gowy bolandygy nygtalsa, çagalar muny üstünlik hökmünde kabul edýärler. Bu bolsa olarda hemişe zähmet çekseň, gowy bolýandygy baradaky düşünjäni kämilleşdirýär. Türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen terbiýe mekdebi häzirki ajaýyp döwrümizde buýsanç bilen dowam etdirilýär. Edep-terbiýe meselesinde dowam edip gelýän asylly däp-dessurlara, urp-adatlara uly orun berilýär. Terbiýäniň baş maksady özüňi ahlakly alyp barmagyň endiklerini we asylly häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Terbiýe paýhasly sözler, görelde bilen utgaşmalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda ýaşlara berlen öwüt-ündewler aňa siňňitli barýar. Çagalaryň sagdyn terbiýeli, edepli bolmaklary baş maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem nesil terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugy nygtalýar. Ogulşirin USTAÝEWA, Akdepe etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň mugallymy.