Zehinliler öňe saýlandy
Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, ýaşlary dünýäniň ählumumy bilim ulgamyna işjeň aralaşdyrmakda we ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda internet arkaly II Halkara ykdysadyýet hem-de Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň üstünlikli geçirilendigi-de munuň aýdyň güwäsidir. Olimpiadalaryň maksady talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmekden, olary ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, şeýle hem ýokary hünär bilimi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Olimpiadalar türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde geçirildi. Olaryň birinji tapgyrynda talyplar A we B derejeler boýunça bäsleşdiler. Halkara ykdysadyýet olimpiadasynda A derejä ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan talyplar, B derejä islendik hünär ugurly talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly, Halkara filosofiýa olimpiadasynda hem A derejä filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan, B derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar. Sülgün MYRATGELDIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.