Sizi bular gyzyklandyrýarmy?
NÄME ÜÇIN UKYMYZ TUTÝAR? Pikirlenip gördüňizmi, näme üçin günüň ahyrynda ukymyz gelýär? Eýsem, uklaman gezsek bolmaýarmyka? Ýogsa-da, näme üçin bedenimize uky zerur? Bu sowala köp çagalaryň: «Ýadaýandygymyz sebäpli uklaýarys» diýip, jogap bermegi hem ahmal. Emma ol beýnimiz bilen baglanyşykly. Günüň dowamynda beýnimiz kän pikir edip, ençeme sowallara jogap, çykgynsyz ýagdaýlara çykalga tapýar. Ol edil zawod ýaly işleýär. Günüň ahyrynda bolsa beýnimizde «adenosin» atly madda jemlenýär. Şol maddany beýnimizden daşlaşdyrmak üçin bolsa uky zerur. Näçe uklaman oýa gezdigimizçe onuň mukdary artýar. Şonuň üçin hem ukymyz gelýär. Ukuda beýnimiz edil telefonlaryň zarýad alşy ýaly güýçlenýär we has işjeň ýagdaýa gelýär. Şol sebäpli hem wagtly-wagtynda uklamak zehinimizi kämilleşdirmek üçin wajypdyr. Şageldi ÝABANOW, «Nesil».