Diplomat bolasym gelýär
Taryh — iň gowy görýän okuw sapagym. Döwürleriň ýyl ýazgylaryny, syýasy wakalaryny öwrenmek meniň üçin hemişe täsirli. Galyň taryhy kitaplary ürç edip okap ýörşüme geljekde halkaraçy hünärmen — ýurdumyza mynasyp diplomat bolup ýetişmekligi öz öňümde uly maksat edindim. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň geçirilmegi arzuwlaryma tarap ilkinji ädim boldy. Bäsleşige birinji gezek 2022-2023-nji okuw ýylynda geçirilen oýnuň II möwsüminiň saýlama tapgyryna gatnaşdym. Ilkinji synanyşygymyň şowsuz bolandygyna garamazdan, III möwsüme yhlasly taýýarlanyp, onuň final tapgyrynda 2-nji orny eýeledim. Bu akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminde hem 3-nji orna mynasyp boldum. Jeýhun HOJAGELDIÝEW, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy.