Döredijilik dünýäsiniň dürdänesi
Täze taryhy döwrümizde röwşen ertirleriň eýeleri bolan ýaş nesiller barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Şunda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli ders hem-de döredijilik, ylmy-gözleg bäsleşikleri uly ähmiýete eýe bolup, ýaş nesilleriniň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge ýardam edýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesindäki 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Nurbibi Ýusubowa hem şeýle bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, özüniň ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanýan, ajaýyp goşgulary bilen Watanymyzy wasp edýän bagtyýar ýaşlaryň biri. Elbetde, maksada okgunly ýaşlar heniz mekdep partasyndaka «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine dürli ugurlardan gatnaşyp, bilim binýadyny berkidýärler. Nurbibi hem biologiýa bilen içgin gyzyklanyp, 8-nji synpdan bäri bu ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşýar we dürli netijeleri gazanýar. Hususan-da, ol 2021-2022-nji okuw ýylyndan bäri bu bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp bolup gelýär. 2023-2024-nji okuw ýylynda bolsa ol welaýat tapgyrynda 3-nji orny eýelemegi başardy. «Nesil».