Nurana geljegimiziň eýeleri
Islendik döwletiň ösüşi onuň diňe bir ykdysady kuwwatyna bagly bolman, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlarynyň dürli ugurlarda alyp barýan belent maksatly işleriniň netijeleri bilen hem berk baglanyşyklydyr. Haýsy ýurtda ýaşlara aýratyn üns berlip, olara giň mümkinçilikler döredilýän bolsa, onda şol halkyň bagtyýar geljege sary ynamly öňe barýandygyny aýtmak bolar. Çünki beýik işleriň amal edilmegi bilen aýdyň geljek gurulýar. Röwşen geljek bolsa, elbetde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň elindedir. Ylym-bilimli, innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, kämil ýaş nesilleri kemala getirmek ata Watanymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň esasy özenini düzýär. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle diýýär: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr». Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda, türkmençilik ýol-ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ogulşat MYRADALYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.