Gurýan döwlet gurpludyr
Islendik döwletiň binagärlik keşbine syn edip, şol döwletiň ykdysady kuwwatynyň derejesini, milli tejribelerini, innowasion ösüşini bilmek bolýar. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik başlangyçlary bilen ata Watanymyzda gurulýan binalarda beýik döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň şöhlelenýär. Elbetde, bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak bolsa halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, pudaga innowasion önümçilikleri ornaşdyrmak, senagat kärhanalarynyň hataryny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».