Durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji
Şu gün, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bellenilýär. Döwletliligiň milli nyşany bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi bilen, döwletimiz, sözüň doly manysynda, özüniň syýasy hem ykdysady garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Merkezi banky özbaşdak pul-karz syýasatyny işläp taýýarlady we ony üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Bu syýasatyň wezipesi milli manadymyzyň goraglylygyny, durnuklylygyny üpjün etmekden, satyn alyp bilijilik ukybyny, hümmetini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde, ol karz syýasatyny döwrebaplaşdyrmaga, karz gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, elýeterliligini üpjün etmäge, karzyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgama doly geçmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýöne ýerden däldir, sebäbi sanly ulgama geçmek, öňi bilen, banklaryň pul-karz syýasatyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga, kemçilikleri gysga wagtda az harajat bilen aradan aýyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň, şeýle hem halkara maliýe-karz institutlarynyň baý tejribesini giňden öwrenmäge zerur bolan ähli amatly şertleri döredýär. Baýramdurdy TAÝHAROW, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.