Platforma ykdysadyýeti
Sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi we durmuş-ykdysady ösüşiň täze nusgasy hasaplanýan platforma ykdysadyýeti häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna özüniň möhüm täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda öý hojalyklarynyň, kärhanalaryň, döwletiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda, milli ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmekde platforma ykdysadyýetiniň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Maddy nygmatlary döredýän ykdysadyýeti goldamakda we oňa hyzmat etmekde möhüm işleri ýerine ýetirýän platforma ykdysadyýetini ösdürmek dünýä ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugra öwrülýär. Platforma ykdysadyýeti sarp edijilere, telekeçilere, kärhanalara we giň jemgyýetçilige serişdeleri, önümleri, hyzmatlary satmaga hem-de satyn almaga mümkinçilik berýän sanly platformalaryň binýadynda guralýan ykdysady gatnaşyklary öz içine alýar. Başgaça aýdylanda, platforma ykdysadyýeti sanly platformalara esaslanýan ykdysady işjeňlik bolup, oňa täjirçilik tranzaksiýalaryny (geçirmeleri) goşmak bilen, peýdalanyjylaryň arasyndaky özara gatnaşyklar üçin toplumlaýyn nusgawy çözgütleri hödürleýän sanly ulgam hökmünde düşünilýär. Bu ulgam gitdigiçe täze pudaklary we bazarlary özüne çekýär. Gulbeşer BABAÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.