Kämilligiň berk binýady
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halky «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Bu şöhratly ýyly üstünliklere beslemek, döredijilikli zähmet çekmek, beýik ösüşlere goşant goşmak ildeşlerimiziň her biriniň baş maksady bolup durýar. Şunda bilim işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky tagallalar röwşen geljegimiziň üstünliklere beslenjekdigini beýan edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimiziň kämilleşmegi we ösmegi üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ruhda terbiýelenmegini, olaryň dünýägaraýşynyň ösdürilmegini gazanmak bolsa esasy wezipeleriň biridir. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, olaryň kämilligi geljekki ösüşleriň binýadydyr, ylmyň iň täze gazananlary bilen öňe gitmekdir. Şunda ýaşlaryň ylmy maglumatlary öwrenmegi, tejribesiniň baýlaşmagy üçin maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Akmeňli GARAÝEWA, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy. Çeşmesi: Türmenmetbugat