Bedew batly ösüşleriň mekany
Häzirki ajaýyp döwrümize bolan buýsanç her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun alandyr. Şeýle buýsançly wakalary has-da çuňňur many-mazmun bilen bezeýän ýyllarymyz beýik ösüşlere beslenip gelýär. Ynha, şu şöhratly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi halkymyzyň täze üstünliklerini, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelgedir. Her bir halkyň döreden gymmatlygy milli ýörelgeler bilen berk baglanyşykly bolýar. Şeýle milli ýörelgeler dünýä medeniýetine mynasyp goşant bolup, yzygiderli kämilleşdirilýär we şöhratlandyrylýar. Bu günki günde bedew atyň bady bilen ösýän ýurdumyzda milli ýörelgelerimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy hem ahalteke bedewlerini seýislemek we tebigy arassalygyny gorap saklamakdyr. Ynha, şu gymmatlyklary goramak we geljek nesillere ýetirmek şu günki günüň netijeli işleriniň biri bolup durýar. Orazsoltan HALMYRADOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy. Çeşmesi: Türmenmetbugat