Usuly-amaly okuwlar üstünlikli geçirildi
Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlary geçirildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen 2026-njy ýylyň ilkinji geçirilýän çäreleriniň biri bolan bu gezekki ýanwar usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Usuly-amaly okuwda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny, kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi. Ýurdumyzda mundan beýläk hem bilimi ösdürmek, döwrebap özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär. Ýanwar aýynyň başynda geçirilen usuly-amaly okuwlarda hem bu ugurda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda möhüm ähmiýetli ugurlar hakynda durlup geçilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetiniň barha kämilleşdirilýändigi beýan edildi. Aýdyň mysallary beýan etmek bilen, bu usuly-amaly okuwda Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň müdiri G.Öräýewanyň çykyşynyň täsirli bolandygyny bellemek bolar. Ol «Okatmagyň usulyýeti — bilim özgertmeleriniň binýady» diýen temany beýan etdi. Jennet HATAMOWA, Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň müdiri. Çeşmesi: Türmenmetbugat