Başlangyç synplarda başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanmagyň usullary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň öňündäki wajyp wezipeler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn halkara iş tejribelerini özünde jemläp, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim bermegiň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Başlangyç synplarda okuwçylarda kemala getirilýän başarnyklar olaryň geljekde üstünlikli okamaklarynyň, täze bilim başarnyklarynyň kemala gelmeginiň we ösdürilmeginiň, sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň berk binýady bolup durýar. Guralýan sapaklarda bilim berijilik, terbiýeleýjilik, ösdürijilik meseleleri umumylykda çözülýär. Başlangyç synplaryň okuw maksatnamalaryna laýyklykda bilim bermek esasynda mugallym çagalary hemmetaraplaýyn terbiýeleýär, ykdysady, medeni durmuşda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýar. Başlangyç synplarda berilýän bilim-terbiýe okuwçylaryň diňe başlangyç synplarda oňat okamagyny üpjün etmän, eýsem, ýokary synplarda berilýän bilimleri talabalaýyk özleşdirip bilmegine hem ýol açýar. Ogulmaral MATALOWA, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri. Çeşmesi: Türmenmetbugat