Ruhy baýlygyň gözbaşy
Türkmen halky ylym-bilime, kitaba uly gyzyklanma bilen garap, ýaş nesli şeýle asylly ýörelgeler bilen terbiýeläpdirler. Kitap bilimleriň çeşmesidir. Hut şu nukdaýnazardan hem, geçmişden şu güne çenli bu gymmatlygy okamak we öwrenmek, ýaşlaryň ylym-bilimli bolmagy hakynda alada etmek asylly ýörelgä öwrülipdir. Kitap ylym-bilimleriň çeşmesi bolmak bilen bir hatarda, milli mirasymyzy hem kemala getirýär. Çünki geçmişdäki gadymy kitaplar, golýazma çeşmeler halkymyzyň milli mirasydyr. Bu kitaplardaky ylmy maglumatlar taryhymyzy öwrenmekde, geçmiş mirasymyzy ýaş nesillere ýetirmekde gymmatly çeşmedir. Milli mirasyna çuňňur sarpa goýmagy, beýleki medeniýetlere hormat bilen garamagy ýörelge edinýän halkymyz dünýä kitaplaryny hem gyzyklanma bilen okap, dünýäniň ylmy maglumatlaryny özleşdirýärler. Munuň özi dünýäniň halklary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga esas bolýar. Maýsa GOÇGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. Çeşmesi: Türmenmetbugat