Dünýä dillerini öwretmek
Dünýä dillerini öwrenmek ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine oňat täsir edýär. Dil — halklaryň dostluk köprüsi hökmünde beýan edilýär. Çünki dil öwrenmek halklaryň medeniýetini öwrenmek bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Bu ugurda häzirki wagtda dürli usullaryň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi talyplara zerur bolan maglumatlary çalt almaga mümkinçilik berýär. Geljekki dilçileriň, terjimeçileriň dünýä dillerini özleşdirmekleri öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemäge we ylmy maglumatlary türkmen diline terjime etmäge mümkinçiliklerini ýokarlandyrar. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde häzirki zaman usullaryny işjeň ulanýarys. Mälim bolşy ýaly, dilleri öwretmegiň iň täze ugurlary yzygider kemala gelýär. Çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim öwretmegiň dürli ugurlary hem yzygider ösýär. Bu babatda ylmy esasda delillendirilen ugurlar işlenip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Daşary ýurt dilleri öwredilende, esasan, umumy taýýarlygy, ýöriteleşdirilen taýýarlygy (hünäre degişli tekstleri okamak), hünär taýýarlygy ýaly döwürlere bölüp öwretmek mümkindir. Zeýnep GURBANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi. Çeşmesi: Türmenmetbugat