Nesil terbiýesi mukaddesdir
Terbiýe, aýratyn-da, nesil terbiýesi adamzadyň şu gününe hem-de geljegine iňňän möhüm täsir edýän ugurlaryň biridir. Nesil terbiýesine her bir milletiň özboluşly çemeleşmegi onuň taryhy, medeniýeti, milli mirasy, edim-gylymlarydyr däp-dessurlary bilen berk baglanyşyklydyr. Almanyň öz agajyndan uzaga düşmeýşi ýaly, perzent hem ilkinji nobatda öz ata-enesine, özüni gurşap alan jemgyýete meňzeýär, şolardan görelde alýar. Paýhasly ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden syzylyp alnan pähimli nakyllar hem bu ýagdaýyň üýtgewsiz dowam edip gelýändigini subut edýär. Türkmen halkynda «gol doly maşgala» diýen meňzetme örän köp ulanylýar. Çünki ilimizde köp çagaly maşgalalara ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Halkymyzda çagany maşgala gatnaşyklaryny berkidiji güýç, Hak tarapyn berlen döwlet diýlip kabul edilýär. Halypa şahyr Gurbannazar Ezizow hem «Duluňyzda hemişelik guralan, ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady» diýip, maşgalada elmydama çaga sesleriniň ýaňlanyp durmagyny kalbyndaky iň süýji arzuw-umytlaryň hatarynda goýýar. Elbetde, perzendiň-neberäni dowam etjek ýene bir ynsanyň dünýä inmegi diýseň begendiriji ýagdaý. Emma onuň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin terbiýe meselesiniň täsiri örän uludyr. Mährijemal BEREKETOWA, Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy. Çeşmesi: Türmenmetbugat