Sungatda bedewleriň waspy
Ak arzuwlara, ýagşy umytlara beslenip gelen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylymyzyň şygary baý many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri netijesinde okgunly öňe barýan ýurdumyzyň beýik ösüşlerine belent buýsanç aýdyň beýanyny tapýar. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Toý-baýramly ýylyň nyşany hem özboluşly sungat eserini ýada salýar. Onda toý bagyny kesip barýan gamyşgulak türkmen atynyň şekillendirilmegi bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini alamatlandyrýar. Sungat gözelligiň waspy, ajaýyp keşbidir. Sungat ussatlary mydama gözelligiň gözleginde bolýarlar. Milli Liderimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynda bellenilişi ýaly, taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedewe sarpaly garaýşyň halkymyzda belentdigi ýaly, sungatdaky şol ajaýyp keşpler-de heňňamlar üzre ýaşapdyr. Häzirki döwürde hem dünýäniň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini döredýärler. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň baş gymmatlygyna öwrüldi. Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir. Ahatmyrat NUWWAÝEW, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.