Hünär kämilligi ugrunda
12-13-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň ylym we bilim alyş-çalşygy işleri boýunça prorektorynyň orunbasary Endrýu Liniň hem-de uniwersitetiň ylmy gözleg işgäri, filosofiýa ylymlarynyň doktory Anastasiýa Bezborodowanyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwredilişini çaltlandyrmak» atly maksatnamanyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen Westminster uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan duşuşykda ylym-bilim, hünär derejesini kämilleşdirmek we hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň» (AELLCA) çäklerinde geçirilen okuwlara iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Westminster uniwersitetiniň wekilleri hünär we okuw derejelerini kämilleşdiriş okuwlarynyň barşynda iňlis dilini öwretmegiň häzirki zaman usulyýeti, Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda iňlis dilini öwretmegiň aýratynlyklary, ony öwretmegi çaltlandyrmagyň usulyýeti bilen bagly gürrüň berdiler. Hususan-da, hünärmenler uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we talyplaryň hünär endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, iňlis dilini öwretmegiň ýollarydyr döwrebap usulyýeti boýunça çykyş etdiler. Olar iş tejribeleri, bilim bermegiň we ylmy işleri alyp barmagyň ylmy-usuly esaslary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan okuw we ylmy-usuly işleriň netijeleri barada türkmen kärdeşleri we talyplar bilen öz pikirlerini paýlaşdylar. Allanur ÇARYÝEW. «Türkmenistan».