Milli bilim ulgamynyň üstünlikleri
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şanly wakalara, buýsandyryjy dabaralara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda beýik işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabaraly belleniljek, il-ýurt bähbitli beýik işleriň, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenjek, belent maksatlaryň myradyna gowuşjak bu şan-şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylar. Ynha, 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň birnäçesini Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada watançylyk taglymatlary esasynda ylymly, bilimli, milli buýsançly, watansöýüji nesli kemala getirmekde çeken döredijilikli zähmeti, uly üstünlikleri, pedagogik ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda bilim işini ýokary derejede guramakda bitiren aýratyn ussatlygyny nazara alyp, tapawutlanyp zähmet çeken bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly gowşuryldy. «Mugallymlar gazeti».