Okuwçylarda hasaplamak endigini kemala getirmek
Ýüzlerçe çagalar üçin mugallym nusgadyr, göreldedir. Şonuň üçin hem, her bir sapagy guramaçylykly geçirmek, täsirli guramak mugallymyň paýyna düşýär. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne bir söz bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, şahsy mysalynda öz beýanyny tapýar. Esasan hem, başlangyç synplarda mugallym sapagy örän täsirli guramalydyr. Başlangyç synplarda bilimiň binýadyny berk gurmak, okuwçylaryň bilim öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak hökman bolup durýar. Orta mekdebiň 1-nji synpynda matematika sapagy geçilýär we sanamak, sanlary goşmak, aýyrmak ýaly ýeňil mysallar öwredilýär. Şunda multimedia tagtasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak gerek. Multimedia tagtasynda dürli sanlaryň şekilleri, suratly şekiller ýerleşdirilýär. Mysal üçin, 10 sany gülüň suraty ýerleşdirilýär. Şunda suratdaky gülleri okuwçylar bilen bilelikde sanaýarys. Okuwçylar gülüň şekilini sanap, sanamak endigini öwrenýärler. Şeýlelikde, 10 sandan 2 sany aýyrmagyň netijesini multimedia tagtasynda görkezýäris: 10 – 2 = ?. Okuwçylar bu mysallary depderlerine göçürip alýarlar hem-de mysaly ýerine ýetirýärler. Hurma BABAÝEWA, Bereket etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.