Edebi eserleri öwretmegiň usullary
Nusgawy edebiýatyň söz ussatlary barada söhbet açylanda, ilki bilen, türkmeniň beýik ogly, dana şahyr Magtymguly Pyragy göz öňüňde janlanýar. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahyrdyr. Orta mekdeplerde edebiýat sapagynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly tema ähli synplarda diýen ýaly geçilýär. Okuwçylara şahyryň döredijiligi öwredilende, okuw sapaklarynda okatmagyň usullaryndan giňden peýdalanyp bolýar. Aziza DÖWRANOWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.