Sanly ulgamyň ähmiýeti
Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň ösýän döwründe emeli aň ulgamy jemgyýetiň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň ösüşine-de täsir edýär. Emeli aň tehnologiýalarynyň okuw işinde ornaşdyrylmagy mugallymlaryň işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş nesliň bolsa özbaşdak öwrenmek ukybyny has-da işjeňleşdirýär. Şonuň üçin emeli aňyň bilim ulgamyndaky peýdasy, ähmiýeti barada gürrüň etmek gyzykly. Şunda talyba, okuwça bilim bermek, sowat öwretmek işi diňe bir olara maglumat bermek bilen çäklenmeýär. Olaryň geljekde şahsyýet hökmünde jemgyýetimiz üçin peýdaly taraplary barada hem aladalanmalydyrys. Bu ugurda emeli aň tehnologiýalarynyň pedagogik işimizde birnäçe artykmaçlygy döredýändigini belläp geçmeli. Maral GELDIÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.