Körpeler bilen işjeň sapaklary guramak
Durmuşda çaganyň bilimli-terbiýeli bolmagy esasy zerurlyklaryň biridir. Muňa oňat düşünýän ata-eneler mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan perzentleriniň bilimi-terbiýesi hakynda terbiýeçiler bilen deň derejede aladalanýarlar. Çagalar bagymyzda ata-eneler bilen dürli terbiýeçilik işlerini geçirip durýarys. Şeýle işleri guramagyň mazmuny dürli-dürlüdir. Mekdebe çenli çagalary okatmakda we terbiýelemekde çagalar bagynyň işgärleri körpeleriň ata-eneleri bilen sazlaşykly iş alyp barmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçiniň çagalar bilen guraýan her bir sapagy öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarda çaganyň sözleýşini ösdürmek terbiýeçiniň esasy işleriniň biridir. Çaganyň maşgalada düýbi tutulan sözleýşi ýörite düzülen meýilnamalar esasynda kämilleşdirilýär. Sözleýşi ösdürmek, ene dili sapaklary çagalar baglarynda-da, başlangyç synplarda-da çaganyň sözleýiş medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen bolsa-da, beýleki derslerde hem bu işden çetde durulmaly däldir. Ogulboldy MUHAMMEDIÝEWA, Aşgabat şäherindäki 171-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.