Kämil terbiýe — kemally nesil
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýlip bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp kemala gelýän ýaş nesli gadymy däp-dessurlarymyzdan, şöhratly taryhymyzdan, milli mirasymyzdan ugur alyp, asylly ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Türkmen ýaşlarynyň sazlaşykly ösen, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan tagallalar, edilýän aladalar, döredilýän ýokary şertler hem amatly mümkinçilikler her bir raýaty begendirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde kemala gelýän milli ruhly, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, kiçini söýýän, ululara hormat goýýan türkmen ýaşlaryna buýsanjyň artýar. Şeýle nusgalyk nesliň kemala gelýändigi diýseň guwandyrýar. Gülzar ABAÝEWA, «Mugallymlar gazeti».