Aýdyň maksatlar — okgunly ösüşiň binýady
Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly döwrümiziň ýene bir ajaýyp ýylyna gadam basdyk. Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri hem daşary syýasaty bilen şöhratlanýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bu biziň ata Watanymyz. Bedew bolsa türkmeniň uçar ganaty. Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi» diýip belleýär. Bu gün türkmen bedewi ösüşlerimizi dünýä ýaýýan gymmatlygymyz bolup, şanly ýylymyzyň şygarynda we nyşanynda mynasyp orun aldy. Täze ýylymyzyň şygary bedew bady bilen beýik ösüşlere ýetýän ata Watanymyzyň şan-şöhratyna belent buýsanjy özünde jemleýär. Milli Liderimiziň howandarlygy bilen çap edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «batly» sözüniň üç manysy bellenilýär. Birinjiden, ol «bady artan, hereketi güýçli, depgini ýokary»; ikinjiden, «gaty, haýbatly, güýçli»; üçünjiden, «çalt» diýmegi aňladýar. «At — myrat» diýen jümle bolsa ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden, durmuş pelsepesinden gelip çykýan pähimdir. Şundan görnüşi ýaly, ýylymyzyň şygarynyň mazmuny taryhymyzy, şu günümizi we geljegimizi şöhratly hakyda sapagyna düzüp, ösüşli ertirlere tarap okgunly we ynamly öňe gitmäge ruhlandyrýar. Ruslan JUMAÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.