Söz sizden, Çagalar baýragynyň eýeleri!
Ilşat HEMRAÝEW, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy: — Täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Men kiçiligimden küşt oýnamagy örän gowy görýärin. Şunda 2023-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen küşt boýunça 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky ýaryşda üçünji orna, 2024-nji ýylda 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda üçünji orna, 2025-nji ýylda bolsa Aşgabat şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda höweslendiriji baýraga mynasyp boldum. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky «Küşt älemine» gatnaýan. Sylaga mynasyp bolan ähli deň-duşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Bizi çuňňur mähir-alada bilen gurşap alýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Taýýarlan Leýli GURBANOWA, «Nesil».