Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olaryň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümi.