Dilleri öwrenmekde döwrebap usullar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim ösdürilýär, ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri barada uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda dünýä dillerini özleşdirmek, dünýäniň iň täze gazananlaryny ýaşlara öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini okatmak kämilleşdirilýär we iň döwrebap usullardan peýdalanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň dünýä dillerini bilmekleri uly ähmiýete eýedir. Dünýä dillerini bilýän ýaşlar iň kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Dilleriň üsti bilen olar ösen tehnologiýalara erk etmäge, ylmy kitaplary özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar. Şonuň netijesinde hem ýaşlaryň dünýägaraýşy has-da ýokary bolýar. Dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri hem iňlis dili bolup durýar. Iňlis dilini öwrenmekde morfologiýanyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Ogulbahar RAHYMOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.